[viewBag] title = "Bildirişi nädip goşmaly" url = "/5" layout = "default" is_hidden = 0 navigation_hidden = 0 ==
TDHÇMB sahypasynda ähli bildirişler tölegli ýerleşdirilýär. Bir neşiriň bahasy - 5 manat.
Sahypa bildiriş goşmak üçin satyja zerur:
1. Şahsy hasabyňyza giriň we ulanyjy adynyň gapdalyndaky açylan menýu setirinde “Bildiriş goşmak” saýlaň.
2. Ondan soň, gyzyl ýyldyz bilen bellenilen ähli meýdanlary dolduryň. Soňra “2-nji ädim” düwmesine basyň. Üns beriň!
Önümiň adyny dürli dil sazlamalary bilen sahypada görkezilmegi üçin üç dilde ýazylmalydyr. Teksti terjime etmek mümkinçiligiňiz ýok bolsa, asyl nusgasyny ýazan görnüşiňizde ähli meýdanlaryňyza salyň. Satyn alyjy siziň diliňizi bilmeýän bolsa, teklibe jogap berip bilmejekdigine düşünmek möhümdir.
Bölümi doldurmagyň dogrulygyny we bazaryň görnüşini üns bilen barlaň.
3. Täze sahypada ähli meýdanlary dolduryň, düşündiriş ýazyň we ýokary hilde düşürilen suratlaryny ýükläň. Indiki ädime geçiň.
4. Ondan soň ähli maglumatlaryň dogrulygyny barlamaly we sahypanyň sag tarapynda “Tölemek” düwmesine basmaly. Neşiriň mukdary düwmäniň üstünde görkeziler.
Ähli döredilen bildirişleri “Meniň bildirişlerim” bölüminde tapyp bilersiňiz. Hasapda çap etmek üçin ýeterlik serişdeler ýok bolsa, bildirişde “Garalama” belligi bolar. Hasabyňyz doldurylandan soň, “Tamamlamak” düwmesine basyp çap edip bilersiňiz.
Üns beriň! Bildirişiň neşir ediliş möhleti 30 gün. Ondan soň ony pozup bolýar (satyjy pikirini üýtgeden bolsa ýa-da önüm eýýäm ondan satyn alnan bolsa) ýa-da gaýtadan çap edilip bilner.
Neşir edilmezden ozal her bildiriş moderasiýa iberilýär we üstünlikli geçenden soň elýeter bolýar. Moderatoryň redaktirlemäge hukugy bar. Elektron sergi söwdasy