[viewBag] title = "Hasabyň doldurulmagy" url = "/4" layout = "static" is_hidden = 0 navigation_hidden = 0 localeUrl[en] = "/4" ==

Ulanyjynyň hasabyny iki usul bilen doldurmak mümkin: onlaýn tölegiň kömegi bilen ýa-da bank geçirmesi bilen. Onlaýn tölegiň üsti bilen geçirilen serişdeler dessine geçirilýär. Bank üsti geçirmesiniň möhleti banka baglydyr.

Tölegleri gaýtadan işlemek Altyn Asyr töleg ulgamy tarapyndan üpjün edilýär. Hasaby doldurmagyň usullary üçin töleg ulgamynyň tutumlary baradaky maglumat töleg sahypasynda elýeterlidir.

Onlaýn töleg

1. Sahypada şahsy otaga giriň.

2. Ulanyjy adynyň gapdalyndaky çykan menýuny açyň we “Hasaby doldurmak” saýlaň.

3. Tölegiň “Onlaýn töleg” usulyny saýlamak.

4. Türkmen manadynda doldurmagyň mukdaryny giriziň we “Töleg” düwmesine basyň.

5. Soňra ulgam sizi töleg sahypasyna geçirer (Altyn Asyr e-commerce) Maglumatlary girizmek zerur (kart belgisi, möhleti, eýesiniň ady, howpsuzlyk kody CVV2/CVC2). Soňra “Tölemek” basyň.

6. Eger töleg üstünlikli bolsa, duýduryş habary geler. Pul serişdeleri bolsa sahypadaky hasabyňyzda elýeterli bolar.

Ähli maglumatlary bilýändigiňize ýa-da kartanyň ýanyňyzdadygyna göz ýetirmegiňizi maslahat berýäris. Tölegi tamamlamak üçin 20 minut wagtyňyzyň bardygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Görkezilen wagt gutarandan soň, birža sahypasynyň baş sahypasyna awtomatiki usulda ugrukdyrylarsyňyz.

Bank geçirmesi

1. Sahypada şahsy otaga giriň.

2. Ulanyjy adynyň gapdalyndaky çykan menýuny açyň we “Hasaby doldurmak” saýlaň.

3. Tölegiň “Bank geçirmesi” usulyny saýlaň.

4. Sahypada görkezilen rekwezitleri bellik ediň. Banka baryň we geçirimi amala aşyryň. ÜNS BERIŇ! Kwitansiýaňyzy hökman özüňizde saklaň! Ony skanirläň ýa-da ýokary hilde surata düşüriň.

5. Gaýtadan doldurma sahypasyna giriň (1-3 ädimleri gaýtalamak).

6. Faýly (kwitansiýanyň suraty) degişli penjirä ýükläň. “Ibermek” düwmesine basyň. Ibermezden ozal, geçirişiň dogry ýerine ýetirlendigine göz ýetiriň.

Pul serişdeleri, hyzmat administratory (dolandyryjy) tarapyndan töleg resminamasyny barlandan soň, sahypadaky hasabyňyzda elýeterli bolar (möhlet … sagatdan/günden … çenli).