[viewBag] title = "Saýt hakynda" url = "/1" layout = "default" is_hidden = 0 navigation_hidden = 0 ==
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) saýty birža harytlaryny satuwa çykarmakda bildirişleri ýerleşdirmek, şeýle hem potensial alyjylara maglumat bermek üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Bu hereket edip gelýän bazar bahada giň gerimli geografiýa eýe bolan hakyky harydyň üpjünçiliginiň netijeli ýolydyr. Gözlegiň amatlylygy üçin ähli önümler ketegoriýalar boýunça – “Nebithimiýa”, “Gurluşyk materiallary”, “Ýeňil senagat”, “Oba hojalygy”, “Maşyn gurluşygy” bölünýär.
Hyzmatyň her bir ulanyjysynyň satyjy we alyjy bolmaga mümkinçiligi bardyr. TDHÇMB-nyň bölümlerinde 19 000-den gowrak gurama we hususy telekeçi hasaba alyndy.
Satyjy önümi ýerleşdirýän sahypa ulanyjysydyr. Ol özbaşdak öz teklibini düzýär, ony resmileşdirýär we saýtda erkin ýagdaýda girizýär.
Satyn alyjy satyjylaryň tekliplerini saýlaýan we şertler boýunça ylalaşmak üçin olar bilen aragatnaşyk saklaýan hyzmatyň ulanyjysy. Ähli amallar we harydyň satyn alnyşy özbaşdak amala aşyrylýar (saýtyň daşyndan).
Hasaba alynmadyk ulanyjylar önümleri we satyjy hakynda maglumatlary görüp bilerler. Hasaba alnan ulanyjylar satyjylar bilen göni söhbetdeşlik arkaly habarlaşyp, ulgamdaky habarlary kabul edip hem-de mahabatlary goýup bilerler.
Agza bolmak üçin baş sahypa geçiň ýa-da hasaba ýazylyň.